Syýahatçylygyň merkezi Antalýa welaýaty

Türkiýäniň Syýahatçylyk pudagynyň paýtagty Antalýada 44-i ýokary derejeli dynç alyş desga, 310-y 5 ýyldyzly myhmanhana bilen birlikde jemi 805 desga syýahatçylara hyzmat berýär

Syýahatçylygyň merkezi Antalýa welaýaty

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň berýän hasabatyna görä welaýatda Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň syýahatçylyk dolandyryş resminamasyny alan jemi 805 desga bar.

Ady agzalan dynç alyş desgalary şol bir wagtyň özünde takmynan 590 müň adama hyzmat berip bilýär.

5 ýyldyzly myhmanhanalar esasan hem welaýatyň Kundu, Belek, Kemer, Side, Manawgat we Alanýa zolaklarynda ýerleşýär.

Antalýa welaýatynda 2018-nji ýylyň aprel aýyndaky hasabata görä 5 ýyldyzly 310 sany myhmanhana, 44 sany ýokary derejeli dynç alyş zolagy, 4 ýyldyzly 200 myhmanhana, 3 ýyldyzly 108 sany myhmanhana, 2 ýyldyzly 39 sany myhmanhana bar.

Galan bölegi bolsa apart myhmanhanalardan, hostellerden, hususy desgalardan we kempinglerden ybarat. Şolar bilen birlikde şeýle hem 12 sany golf meýdançasy bar.

Türkiýäniň 81 welaýatynda Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň syýahatçylyk dolandyryş resminamasyny alan jemi 4210 dynç alyş desgasy bar.

Şoňa laýyklykda Türkiýedäki dynç alyş desgalarynyň 19,12 göterimi Antalýada ýerleşýär.

Türkiýäniň Myhmanhanalar federasiýasynyň başlygy Osman Aýyk Antalýadaky dynç alyş desgalarynyň dünýädäki iň ýaş desgalardygyny belledi.



Degişli Habarlar