Türkiýäniň zeýtun ýagy eksporty geçen ýyl 185 göterim artyp 208 million dollara barabar boldy

Türkiýäniň zeýtun ýagy eksporty geçen ýyl 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 185 göterim artyp 208 million dollara barabar boldy

Türkiýäniň zeýtun ýagy eksporty geçen ýyl 185 göterim artyp 208 million dollara barabar boldy

Ösümlük ýaglary senagatçylary jemgyýetiniň başlygy Tahir Büýükhelwajygil Türkiýäniň ýag eksportynda dünýäde esasy orun eýeleýändigini aýtdy.

Türkiýäniň 2016-njy ýylda 105 ýurda zeýtun ýagyny eksport edendigini nygtan Büýükhelwajygül “ 2017-nji ýylda 140-dan gowrak ýurda zeýtun ýagyny eksport etdik. Eksport sanawynda Amerika, İspaniýa we Saud Arabystany esasy orun eýeleýär” diýdi.

Büýükhelwajygil 2016-njy ýylda 19 müň tonna zeýtun ýagynyň eksport edilendigini we 73 million dollarlyk girdeji gazanylandygyny ýatlatdy.

2017-nji ýylda bolsa 53 müň tonna zeýtun ýagynyň eksport edilendigini aýdan Büýükhelwajygil pudagyň eksportynyň geçen ýyl 2016-njy bilen deňeşdirilende 185 göterim artandygyny belledi.

Büýükhelwajygül Türkiýäniň zeýtun ýagy önümçiliginde dünýäde ilkinji 3 ýurduň hatarynda ýer alýandygyna ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: sanaw , eksport , zeýtun ýagy

Degişli Habarlar