Dünýäniň iň uly we güýçli uçary Katarda

Katar howa ýollary tarapyndan Doha howa menzilinde dünýäniň iň uly we güýçli söwda uçary bolan A350-1000-iň hyzmat bermäge başlamagy mynasybetli dabara geçirildi

Dünýäniň iň uly we güýçli uçary Katarda

Dünýäde bu uçary ilkinji gezek ulanjak Katar howa ýollarynyň ýolbaşçylaryndan Ekber El-Bakir dabarada eden çykyşynda Katar howa ýollarynyň 5 ýylyň dowamynda ýene-de şular ýaly 41 sany uçary almak isleýändigini, zerurlyk gerek bolan halatynda bolsa bu sany 45 ýa-da 50-ä ýetip biljekdigini habar berdi.  

Katar howa ýollarynyň öňümizdäki 3 aýda Airbus A350-1000-i dünýäde ulanýan ilkinji we ýeke täk ulanyjysydygyny aýdan Bakir uçaryň bu görnüşiniň ýene-de birinin ýakyn wagtda alynjakdygyny belledi.  

Katar ady agzalan uçary Doha-London uçar saparlarynda ulanmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar