ABŞ, Şwesiýa we Kuweýde ýarag satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Şwesiýa 3 milliard 200 million dollar, Kuweýde bolsa 259 million dollar gymmadynda ýarag satmak baradaky karary tassyklady

ABŞ, Şwesiýa we Kuweýde ýarag satar

Goranyş howpsyzlyk hyzmatdaşlygy agentligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Döwlet sekretarlygy tarapyndan kabul edilen kararyň Kongresiň tassyklamagyna hödürlenendigi habar berildi.

Şwesiýa beriljek ýaraglaryň 4 sany Patriot gurluşy-3 Döwrebaplaşdyrlan od açmak bloklary, 4 sany AN/MPQ-65 radar ulgamlary, 4 sany AN/MSQ-132 nyşanly gözegçilik desgasy, 9 sany çanak anten sütün toparlary, 12 sany M903 od açma desgasy, 100 sany Patriot MIM-104E raketalary, 200 sany Patriot ýaýbaňlandyrylan mukdarly- 3 (PAC-3) artdyrylan raketa segmenti we tehniki enjamlardan ybaratdygy mälim edildi.

Kuweýde berilmegi meýilleşdirilen ýaraglaryň arasynda bolsa 4 sany PT6A-67A dwigatelli King Air 350ER razwedka, gözegçilik we gözleg uçary, 1 sany goşmaça dwigatel, mundan başgada razwedka we gözegçilik enjamlary bar.

Ady agzalan ýaraglaryň sebitlerdäki güýç deňagramlyklaryna täsir ýetirmejekdigi bellenen beýanatda ýarag satuwlarynyň gutarnykly kararynyň entek berilmändigine ünsler çekildi.


Etiketkalar: Kongres , karar , satuw , ýarag , Şwesiýa , Kuweýt , ABŞ

Degişli Habarlar