Çikago Ulag sergisi başlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda şu ýyl 110-njy gezek geçirilýän Çikago Ulag sergisi öz işine başlady

908210
Çikago Ulag sergisi başlady

Demirgazyk Amerikanyň iň uly kongres we sergi merkezi Makormik Palasdaky 2 günlik media görkezilişininden soň myhmanlara açylan sergä şäherdäki garly tupana garamazdan gyzyklanma uly boldy.

Serginiň geçirilýän ýerini irdenden başlap doldurmaga başlan müňlerçe amerikaly ol ýerde awtomobil pudagyndaky soňky täzelikler bilen tanyşmaga pursat tapdylar.  

Dünýäniň meşhur ulag kärhanalarynyň takmynan 1 müň ulagynyň sergilenýän çärede ýaşyl energiýa bilen işleýän ulaglara uly gyzklanma bildirildi.

Takmynan 100 müň inedördül metrlik ýerde geçirilýän sergi 19-njy fewrala çenli açyk bolar.

Çikago Ulag sergisine 1 milliondan gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar