Ukraina  Russiýadan ýaňadandan gaz almaga başlar

Naftogaz 2015-nji ýylyň ahyrynda Russiýanyň tebigy gaz almagy saklapdy

891338
Ukraina  Russiýadan ýaňadandan gaz almaga başlar

Ukrainanyň energetika firmasy Naftogaz amatly bahadan Russiýadan ýaňadandan tebigy gaz alamaga başlajakdyklaryny mälim etdi.

Naftogazyň başlygy Andreý Kobolýew mesele barada metbugata beren beýanatynda amatly bahadan hem Ýewropadan hem-de Russiýadan tebigy gaz aljakdyklaryny aýtdy.

Kobolýew Halkara arbitraž kazyýetiniň kararyna laýyklykda üstümizdäki ýyldan başlap Russiýadan ýylda 4-5 milliard kub metrlik gaz satyn aljakdyklaryny belledi.

Naftogaz 2015-nji ýylyň ahyrynda Russiýanyň tebigy gaz almagy saklapdy.

Stokgolmdaky Halkara arbitraž kazyýetiniň kabul eden karary bilen “al ýada töle” ulgamyna laýyklykda baglaşylan şertnama laýyklykda Ukraina her ýyl Russiýadan gaz alar.

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko hem amatly bahadan beren halatynda Russiýadan ýaňadandan gaz alyp biljekdiklerini aýdypdy.

 



Degişli Habarlar