Türkiýäniň ter gök we miwe önüm eksporty13 göterim artdy

Ter gök we miwe önüm eksporty 2 milliard 231 million dollara ýetdi

Türkiýäniň ter gök we miwe önüm eksporty13 göterim artdy

Türkiýäniň 2017-nji ýylda ter gök we miwe önüm eksporty 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 13 göterim artyp 2 milliard 231 million dollara ýetdi.

Egeý eksportçylar bileleşiginden berlen beýanata görä, 2016-njy ýylda Türkiýäniň eksport eden ter gök we miwe önümlerinden 1 milliard 979 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň dolanşyk geňeşiniň agzasy we Egeý ter gök we miwe önümleri eksportçar bileleşiginiň başlygy Ryza Seýýar gök we miwe önümleriniň howa ýoly arkaly dalaşmagynyň eksportyň artmagynda esasy rol oýnandygyny aýtdy.

Seýýar ter gök we miwe önüm eksportynda howa gatnawynyň paýynyň 121 million 811 müň dollara ýetendigini aýratyn belledi.

Turkis Kargonyň İzmirdäki bölüminiň müdüri Faik Deniz hem firmadaky uçarlaryň sanynyň 18-e çykandygyny aýtdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar