Germaniýada batan kärhanalaryň sany 1 göterim artdy

Germaniýada geçen ýylyň oktýabr aýynda batan kärhanalaryň sany 2016-njy ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 1 göterim artdy

Germaniýada batan kärhanalaryň sany 1 göterim artdy

Germaniýanyň federal Hasabat ofisi Destatis tarapyndan berilen beýanata görä ýurtda 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda 1637 kärhananyň batandygy mälim edildi.

Ady agzalan döwürde iň köp batan pudak senagat söwda pudagyna degişli kärhanalar boldy.

Batan kärhanalaryň 267-si gurluşyk pudagyna, 188-i bolsa ykdysadyýet ugrunda iş alyp baran hünär, ylmy we tehniki hyzmatlara degişli kärhanalardan ybarat.

Batan kärhanalardan başgada 7707 bergili adam hem oktýabr aýynda batndygyny beýan etdi.

Ady agzalan dereje geçen 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda garanyňda 2 göterim artdy.



Degişli Habarlar