Türk Akymy taslamasynyň 600 kilometrden gowrak bölegi tamamlandy

Türk Akymy taslamasynyň gurluşygyna üstümizdäki ýylyň 7-nji maýynda başlanypdy

872822
Türk Akymy taslamasynyň 600 kilometrden gowrak bölegi tamamlandy

Rus energetika firmasy Gazprom Türk Akymy taslamasynyň 600 kilometrden gowrak böleginiň tamamlanandygyny mälim etdi.

Gazpromyň metbugat geňeşçisi Sereý Kupriýanow Rossiýa 24 telewideniýesine beren beýanatynda “Türk Akymy taslamasynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Günde ortaça 4 kilometre turba çekilýär we häzire çenli taslamanyň 600 kilometrden gowrak bölegine turba çekildi”diýdi.

Rus gazyny Türkiýäniň üst aşyr Ýewropa ýetirjek Türk Akymy taslamasyniň birinji böleginiň 2018-nji ýylyň mart aýynda, ikinji böleginiň bolsa 2019-njy ýylda ulanylmaga berilmegine garaşylýar.

Türk Akymy taslamasynyň gurluşygyna üstümizdäki ýylyň 7-nji maýynda başlanypdy.

 



Degişli Habarlar