Türk önümçilik pudagy 9 aýyň dowamynda durnukly ösdi

Türkiýäniň önümçilik satyn alyş dolandyryjylary indeksi noýabr aýynda 52,9 göterime çenli ýokarlady

Türk önümçilik pudagy 9 aýyň dowamynda durnukly ösdi

Stambulyň Senagat Birleşmesi (İSO) Türkiýäniň önümçilik satyn alyş dolandyryjylary indeksi noýabr aýynda 52,9 göterime çenli ýokarlady

Şol mukdar türk önümçilik pudagynyň iş şertlerinde 9 aýyň dowamynda durnukly ösüşiň edilendigini görkezýär. Şol bir wagtda-da 2014-nji ýyldan bäri ýetilen iň uzak möhletli durnukly ösüş depgini boldy.

Stambulyň Senagat Birleşmesinden berilen beýannama görä ykdysady ösüşiň deslapky görkezijisi bolan önümçilik senagatynyň performansynda iň bir ynamdar salgylanmasy hökmünde kabul edilýän İSO-nyň Türkiýe we Stambul önümçilik sowalnamalarynyň noýabr aýyndaky netijelerini yglan etdi.

Sowalnamanyň netijelerine görä oktýabr aýynda 52,8 götreime barabar bolan ösüş depgini noýabr aýynda 52,9 göterime deň bolup, türk önümçilik pudagynyň iş şertlerinde ýokary ösüşiň edilendigini görkezýär.

Soňky sowalnamanyň netijeleri bilen birlikde ösüş depgini 9 aýyň dowamynda durnukly dowam edip, ol şol bir wagtda-da 2014-nji ýyldan bäri ýetilen iň bir uzak möhletli durnukly ösüş depgini boldy.

Şeýle-de indeks uzak möhletli ortaça mukdar bolan 50,8 göterimden has ýokary çykdy.


Etiketkalar: artmak , pudak , önümçilik

Degişli Habarlar