Honda 250 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrar

Ýaponiýanyň Honda ulag kärhanasy 254 müň 650 ulagyny yzky aýnalardaky näsazlyk sebäpli yzyna çagyrar

851983
Honda 250 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrar

Honda özüniň internet saýtyndan beren beýanatynda 2013-2017-nji ýyllar aralygynda öndürilen ulagyň Spirior we Elysion görnüşlerinde emele gelen näsazlyklar sebäpli 254 müň 650 ulagynyň yzyna çagyryljakdygy mälim edildi.

Ulaglaryň 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda yzyna çagyrylmaga başlanjakdygy aýdylýan beýanatda açylan we ýapylan mahaly ulanylýan düwmelere wagty bilen zaýalanmaga başlanýandygy we näsazlygyň mugut bejeriljekdigi habar berildi.



Degişli Habarlar