Siemens firmasy 7 müň adamy işden çykarýar

Nemes Siemens firmasynyň dünýä derejesinde jemi 91 müňden gowrak işçisi bar

Siemens firmasy 7 müň adamy işden çykarýar

Dünýäniň iň uly elektrikli öý goşlaryny öndürýän nemes Siemens firmasy 7 müň adamy işden çykarýar.

Siemens dünýä derejesinde müňlerçe işgärini işden çykarar we Germaniýadaky käbir önümçilik kärhanalaryny ýapar.

Germaniýada ýapyljak kärhanalaryň hatarynda Görlitz, Leipzig we Offenbajh kärhanalary hem bar.

Şol kärhanalarda işleýän 920 adam hem işsiz galar.

Firmanyň Erfurt şäherindäki kärhanasynyň hem satuwa çykaryljakdygy öňe sürülýär.

Nemes Siemens firmasynyň dünýä derejesinde jemi 91 müňden gowrak işçisi bar.

 


Etiketkalar: Germaniýa , kärhana , firma , Siemens

Degişli Habarlar