Mihael Şumaheriň ulagy rekord derejä satyldy

Satuwdan alynan girdejiniň bir bölegi nemes sürüjiniň Göreşe dowam atly gaznasyna beriler

Mihael Şumaheriň ulagy rekord derejä satyldy

Meşhur sürüji Mihael Şumaheriň çempion bolan ýaryşlarynyň biri bolan 2001 Formula 1 dünýä çempionatynyň Monako Grand Prisinde üstünlik gazanan ulagy 7 million 504 müň dollara satyldy.

ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherindäki Sotheby's auksionynda geçirilen auksionda özüniň karýerasynda 7 aýry F1 çempionlygy bolan Şumaheriň Ferrari topary bilen 2001 Monako Grand Prisini gazanan ulagy satuwa çykaryldy.

Auksinda Şumaheriň ulagy ady beýan edilmedik kolleksioner tarapyndan 7 million 504 müň dollara satyn alyndy we şu günki güne çenli iň gymmat satylan Formula 1 ulagy hökmünde bellige alyndy.

Satuwdan alynan girdejiniň bir bölegi nemes sürüjiniň Göreşe dowam atly gaznasyna beriler.

Şumaheriň sagaldyş etaby 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Şweýsariýadaky öýünde dowam edýär.



Degişli Habarlar