Ýurdyň öz içindäki syýahatlar hem artýar...

Şu ýyl ýurdyň öz içindäki syýahatlarda hem artyş bar

Ýurdyň öz içindäki syýahatlar hem artýar...

Türkiýäniň Hasabat guramasy aprel-iýun aýlary aralygyndaky syýahatçylyk hasabatynyň jemlerini beýan etdi.

Şoňa laýyklykda şol döwürde ýurdyň öz içinde syýahat edenleriň sany 2016-nji ýylyň şol döwrüne garanyňda 46,7 göterim artdy.

Her 5 syýahadyň 1-i syýahatçylyk maksatly.

Şu ýylyň 2-nji çärýeginde Türkiýeden 17 million 731 müň adam syýahat etdi.

Syýahatlaryň 69 göterimi ýagny 2/3-si dogan-garyndaşlara edilen syýahatlardan ybarat.

Gezelenç we dynç alyş syýahatyň derejesi 19 göterim.

Ýolagçylyklaryň 5,5 göterimi saglyk sebäpli edildi.

Şol döwürde syýahat eden adamlaryň sowan pullarynyň mukdary 2016-njy ýyla garanyňda 53 göterim artdy.

Her bir syýahada ortaça 388 lira, jemi bolsa 7 milliard lira golaý pul sowuldy.



Degişli Habarlar