Kuşadasyna syýahatçylyk möwsüminiň soňky ýolagçy gämisi geldi

Türkiýäniň esasy portlaryndan biri bolan Aýdynyň Kuşadasy etrabyna 2017-nji ýylyň syýahatçylyk möwsüminiň soňky ýolagçy gämisi geldi

Kuşadasyna syýahatçylyk möwsüminiň soňky ýolagçy gämisi geldi

Maltanyň baýdagyny göterýän Thamson Spirit atly gämi 1236 syýahatçysy bilen Kuşadasynyň Egeý portuna geldi.

Syýahatçylaryň bir bölegi İzmiriň Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi, bir bölegi bolsa etrapda söwda etdi.

Portuň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, 2017-nji ýylda Kuşadasyna jemi 130 gämi bilen 119 müň 814 syýahatçy we 50 müňe golaý şol gämileriň ekipažy geldi.


Etiketkalar: port , gämi , Kuşadasy , Malta

Degişli Habarlar