Yragyň merkezi hökümeti bilen ikinji gümrük geçelgesiniň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy

"Owaköý gümrük geçelgesi açylar”

Yragyň merkezi hökümeti bilen ikinji gümrük geçelgesiniň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy

Gürmük we söwda ministri Tüfenkçi “Yragyň merkezi hökümeti bilen ikinji gümrük geçelgesiniň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy. Degişli işler tamamlanandan soň Owaköý gümrük geçelgesi açylyp biler” diýdi.

Anadoly habarlar gullugyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat beren Tüfenkçi Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň düýn Türkiýä guran resmi sapary hakynda hem durup geçdi.

Tüfenkçi “Yragyň merkezi hökümeti bilen ikinji gümrük geçelgesiniň açylmagy meselesinde umuman ylalaşyk gazanyldy. Yragyň merkezi hökümeti hem ikinji gümrük geçelgesiniň açylmagyny isleýär. Degişli işleriň tamamlanmagyndan soň Owaköý gümrük geçelgesi açylar” diýdi.

 



Degişli Habarlar