Türk çaýy 93 ýurda eksport edilýär

Türk çaýy şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda 93 ýurda eksport edildi

Türk çaýy 93 ýurda eksport edilýär

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşigi tarapyndan beýan edilen hasabata görä şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda edilen çaý eksportynda Belgiýa 8 million 676 müň 448 dollar bilen ilkinji orunda bolan bolsa, Germaniýa 6 million 109 müň 347 dollar bilen 2-nji, Kipr bolsa 1 million 82 müň 514 dollar bilen 3-nji orunda boldy. Iň köp çaý eksporty ýerine ýetirilen 4-nji ýurt bolsa 897 müň 304 dollar bilen Saud Arabystany boldy.

Ady agzalan döwürde Kanada, Senegal, Iordaniýa, Kuweýt, Çad, Efiopiýa, Singapur, Somali, Nigeriýa, Gabon, Gambiýa, Gana, Tanzaniýa we Panama ýaly ýurtlara hem eksport edildi.

Ýylyň 9 aýynda jemi çaý eksporty 21 million 732 müň 96 dollara barabar boldy.



Degişli Habarlar