Türkiýäniň goranyş senagaty Ukrainada tanyşdyrylýar

Sergä 15 ýurtdan 400 firma gatnaşýar

Türkiýäniň goranyş senagaty Ukrainada tanyşdyrylýar

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde 14-nji Halkara ýarag we howpsyzlyk sergisi açyldy.

Sergä 15 ýurtdan 400 firma gatnaşýar.

Halkara ýarag we howpsyzlyk sergisinde Türkiýä ASELSAN, ROKETSAN, PERKON, AREST, CTECH we BMC firmalary wekilçilik edýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Ukrainanyň Howpsyzlyk we Goranyş geňeşiniň Baş sekretary Aleksandr Turçinow bilen İçeri işler ministri Arsen Awakow gatnaşdy.

Turçinow bilen Awakow açylyş dabarasyndan soň ASELSAN-yň pawionyna baryp gördi.

Halkara ýarag we howpsyzlyk sergisi 13-nji oktýabra çenli dowam eder.

 


Etiketkalar: ASELSAN , firma , sergi , senagat , Türkiýe

Degişli Habarlar