Baku-Tibilisi-Kars (BTK) demir ýoly üstümizdäki aýyň ahyrynda açylar

Transport, denizjilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan BTK demir ýolunyň esasy böleginiň tamamlanandygyny aýtdy

Baku-Tibilisi-Kars (BTK) demir ýoly üstümizdäki aýyň ahyrynda açylar

Ministr Arslan: “Bir aýa golaý dowam etjek işleriň netijesinde, üstümizdäki aýyň ahyrynda taslamany dolulygyna tamamlap, ýük we ýolagçy gatnatmaga başlarys” diýdi.

Arslan demir ýoly taslamanyň Türkiýe, Gürjistan we Azerbaýjan doganlygynyň, ynsanperwer gatnaşyklarynyň we söwdasynyň ösmegi taýdan iňňän möhümdigini aýtdy.

Ministr Arslan: “Bu demir ýol taslamasy Londondan Pekine çenli demir ýoluny üznüksiz görnüşe getirip, orta koridor taýdan ýurdumyzyň üstaşyr edilýän gatnawlary amatly ýagdaýa getirende biz diňe bir Hytaýdan Ýewropa gatnadylýan ýüklerin 10 göterimini alan halatymyzda goşmaça 30 million tonna ýük mümkinçiligini emele getireris” diýdi.

Londondan Pekine çenli demir ýol gatnawyny üznüksiz ýola goýjak taslamadan liniýanyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň ählisiniň peýdalanjakdygyna ünsi çeken Arslan Türkmenistana, Gazagystana, Özbegistana, Pakistana, Owganystana we Hindistana çenli şol liniýa arkaly ýük gatnatmagyň mümkindigini beýan etdi.



Degişli Habarlar