Katar türk firmalary bilen gatnaşyklaryň uzak möhletli meýilleşdirilmegini isleýär

Kataryň Söwda birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Muhammed Bin Ahmet Bin Tawwar ýurdundaky işewürlerinden türk firmalary bilen gatnaşyklaryny uzak möhletli meýilleşdirmegini isledi

Katar türk firmalary bilen gatnaşyklaryň uzak möhletli meýilleşdirilmegini isleýär

Katara baran türk wekiliýeti bilen geçirilen maslahatda çykyş eden Bin Tawwar iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň soňky günlerde günsaýyn ösýändigini nygtap: “Söwda birleşmämiz Katardaky türk firmalarynyň maýa goýumlaryny giňeltmek we artdyrmak üçin degişli ýeňillikleri döretmäge taýar” diýdi.

Dürli pudaklaryň wekillerinden ybarat bolan türk işewür topary Katardaky maýa goýum mümkinçiliklerini seljerip, gepleşikler geçirmek üçin Dohada saparda bolýar.

Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Ýemen, Müsür we Bahreýn 5-nji iýunda beýannama berip, Katar bilen ähli diplomatik gatnaşyklaryny bes edýändiklerini habar beripdi.

Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn howa giňişliklerini Katara ýapypdy, şol diplomatik gabawa ýene-de birnäçe ýurt goşulypdy.

Türkiýe bolsa Katary goldamak maksady bilen howa deňiz ýoly bilen edýan söwda gatnaşyklarynyň depginini güýçlendirmek barada karara gelipdi.

 



Degişli Habarlar