Howa ýollary kärhanalary batýan wagty Türk howa ýollary ösýär

THÝ geçen aý 40 sany täze uçar aljakdygyny mälim edip, ösüşini dowam etdirjekdigi barada yşarat berdi

Howa ýollary kärhanalary batýan wagty Türk howa ýollary ösýär

Howa ýollary kärhanalarynyň arasynda artan bäsdeşligiň awiasiýa pudagyna öz täsirini ýetirýär.

2008-nji ýyldaky krizisden soň artan çykdajylar we azalan ýolagçylaryň sany 9 ýylyň dowamynda howa ýollarynyň aglabasynyň batmagyna sebäp döretdi.

3-nji oktýabrda batandygyny mälim eden Britaniýanyň "Monarch Airlines" howa ýollary kärhanasy 2017-nji ýylda batan 4-nji howa ýollary kärhanasy boldy.

Howa ýollary kärhanalarynyň ykdysady krizisiň hötdesinden gelmäge synanyşýan mahalynda Türk howa ýollary kärhanasy ýolagçy we uçar sanyny köpeltmek üçin işe girişdi.

Türk howa ýollary kärhanasynyň 2017-nji ýylyň awgusta aýynda rekord goýup, 84,3 göterim dolulyk derejesine ýetdi.

THÝ geçen aý 40 sany täze uçar aljakdygyny mälim edip, ösüşini dowam etdirjekdigi barada yşarat berdi.



Degişli Habarlar