Hytaýda internediň üsti bilen Boeing 747 kysymly uçarlar satylýar

Hytaýda inernediň üsti bilen Boeing 747 kysymly 3 ýolagçy uçar auksionda satylýar

Hytaýda internediň üsti bilen Boeing 747 kysymly uçarlar satylýar

Hyataýyň Taobao atly saýtynda satuwa çykarylan uçarlar 2013-nji ýylda bäri angarda saklanýar.

Uçarlaryň eýesi Jade Kargo International atly firma şol wagt batypdy.

Şenzen şäherindäki kazyýetleriň biri tarapyndan alynan uçarlara ozal geçirilen auksionlarda alyjy tapylmandy.

Yancheng Evening Post gazedi tarapyndan berilýän habara görä kazyýet ilkinji gezek bir Boeing ýolagçy uçarynyň internediň üsti bilen auksionda satylmagyna rugsat berdi.

Emma bu uçarlary satyn almak üçin hasabyňda 18 bilen 20 million dollar aralygynda pulyň bolmaly.

Taobao saýty almak isleýän adamlaryň 20-nji oktýabrdan ozal belli bir mukdar depozit goýmagyny isleýär.

Auksion bolsa 20-nji noýabrda geçiriler.


Etiketkalar: kazyýet , internet , auksion , uçar , Taobao , Hytaý

Degişli Habarlar