Siriýadaky içerki söweşiň çykdajysy 226 milliard dollar

Önder Siriýanyň jemi içerki önümi 2010-2016-njy ýyllar aralygynda 63 göterim azalandygyny belledi

Siriýadaky içerki söweşiň çykdajysy 226 milliard dollar

Bütindünýä bankynyň ýokary derejeli ykdysadyýetçisi Harun Önder Siriýada 6 ýyl bäri dowam edýän söweşiň häzirki wagta çenli çykdajysynyň 226 milliard dollara ýetendigini we söweşiň gutarmagy bilen hem ýurdyň ykdysadyýetiniň özüne gelmegi üçin ençeme ýylyň gerek bolup biljekdigini belledi.

Siriýanyň jemi içerki önümi 2010-2016-njy ýyllar aralygynda 63 göterim azalandygyny bellän Önder ýurdyň ýagdaýynyň berilýän hasabatdan has aşakdadygyny habar berdi.

Berilýän hasabatlaryň birinde 10 siriýalynyň 6-synyň aşa garyp ýaşaýandygyny we bu şertlerden 200 müň bäbegiň dogulandygyny aýdan Önder 6 ýylda takmynan 400 müňe golaý adamyň ýogalan Siriýanyň ilatynyň ýarysyndan gowragynyň zor bilen ýerlerinden göçürilendigini belledi.



Degişli Habarlar