Türkiýe-Russiýa Ekerançylyk toparynyň 1-nji maslahaty başlady

Türkiýe-Russiýa Ekerançylyk toparynyň 1-nji maslahaty Antalýada öz işine başlady

Türkiýe-Russiýa Ekerançylyk toparynyň 1-nji maslahaty başlady

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2010-njy ýylda gol çekişilen ekerançylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşykdan soň ilkinji gezek geçirilýän maslahatda beýannama beren Azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministrliginiň ÝB we daşary gatnaşyklar baş müdiri Azi Rejep Nazly: “Maslahatda tehniki barlag we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlyk bilen birlikde oba ýerleriniň galkynyşy, ekerançylyk harytlarynyň söwdasy ýaly ugurlar seljeriler” diýdi.

Nazly oba hojalyk önümçiliginde maglumat alyşmak bilen iki taraply düzgünnamalaryň we usulyýetleriň berjaý edilişiniň utgaşdyrylmagynyň nazarda tutulýandygyny aýtdy.

Metbugata ýapyk häsýetde geçirilýän maslahat ertir türk we rus oba hojalyk ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagyndaky gepleşiklerden soň öz işini tamamlar.



Degişli Habarlar