Ykdysadyýet ýylyň ikinji çärýeginde 5,1 göterim ösdi

Türkiýäniň ykdysadyýeti ýylyň ikinji çärýeginde 5,1 göterim ösdi

Ykdysadyýet ýylyň ikinji çärýeginde 5,1 göterim ösdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy ýylyň 2-nji çärýeginiň ösüşi bilen bagly hasabat çap etdi.

Şoňa laýyklykda önümçilik ýoly bilen jemi içerki önüm şol döwürde gündelik bahalar hasaba alynanda 16,3 göterim ösüş edip, 734 milliard 211 million lira hökmünde kesgitlendi.

Oba-hojalyk pudagynyň jemi goşmaça gymmady şu ýylyň aprel-iýun aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda zynjyrlanan göwrüm indeksi 4,7 göterim, senagat pudagynyň jemi goşmaça gymmady 6,3 göterim, gurluşyk pudagy bolsa 6,8 göterim ösüş etdi. Söwda, aragatnaşyk, dynç alyş we iýmit hyzmatlarynyň jeminden emele gelen hyzmatlar pudagynyň goşmaça gymmady bolsa 5,7 göterim ösdi.



Degişli Habarlar