“Germaniýanyň Gümrük bileleşiginiň düzgünleriniň özgerdilmegini bökdemäge haky ýok…”

Nihat Zeýbekji Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşiklerinde bökdençligiň bolmandygyny we tapgyryň dowam edýändigini nygtady

“Germaniýanyň Gümrük bileleşiginiň düzgünleriniň özgerdilmegini bökdemäge haky ýok…”

Bu barasynda Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji beýannama berdi

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Ankarada Özbegistanyň Wise-premýeri Jemşit Kuçkarow bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Zeýbekji Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň geçen hepde beren beýannamasynda Ankara bilen Gümrük bileleşigi baradaky gepleşikleriň dowam etmeginiň ýerlikli bolmandygy baradaky beýannamasyna garaýyşlaryny beýan etdi.

Nihat Zeýbekji Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşiklerinde bökdençligiň bolmandygyny we tapgyryň dowam edýändigini nygtady.

Zeýbekji Germaniýanyň Gümrük bileleşiginiň düzgünleriniň özgerdilmegi baradaky meýilnamasyny bökdemäge hakynyň bolmandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar