Szinpin: “Ösüp barýan ýurtlar arkalaşyk we hyzmatdaşlyk etmeli”

Hytatyň döwlet Başlygy Si Szinpin ösüp barýan ýurtlaryň dünýäniň agyr şertlerine garşy arkalaşykly bolmaga we hyzmatdaşlyk etmegä çagyrdy

Szinpin: “Ösüp barýan ýurtlar arkalaşyk we hyzmatdaşlyk etmeli”

Ýurdunyň Siamyn şäherinde geçirilen we 3 müňden gowrak metbugat işgäriniň gatnaşan BRİKS-e girýän ýurtlaryň (Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Günorta Afrikanyň) liderlerinin maslahatynyň çäginde “Ösüp barýan ýurtlar we ösen bazar ykdysadyýetleriniň dialog maslahaty” Hytaýyň döwlet başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Maslahata Braziýanyň Prezidenti Mişel Temer, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hindistanyň Prezidenti Narendra Modi, Günorta Afrikanyň Prezidenti Ýakob Zuma we BRİKS-iň çäginde çagyrylan Meksikanyň Prezidenti Enrike Pena Nieýo, Taýlandyň Premýer ministri Praýuth Çan-oça, Müsüriň Prezidenti Abdulfattah As-Sisi, Gwineýanyň Prezidenti Alfa Jonde, Täjigistanyň Prezidenti İmomali Rahmon gatnaşdy.

Dialog maslahatynda sözlän sözünde ösüp barýan  ýurtlar bilen ösen bazar ykdysadyýetleriniň arasyndaky arkalaşygyň we hyzmatdaşlygyň ösjekdigine doly ynanýandygyny aýdan Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin, ösüp barýan ýurtlaryň dünýäniň agyr şertlerine garşy arkalaşykly bolmalydygyna ünsi çekdi.

Si Szinpin çykyşynda global ykdysadyýete ünsi çekip, dünýä ykdysadyýetiniň açyk we jebisleşdiriji bolmalydygyny aýtdy. Si Szinpin ykdysadyýetiň birleşdiriji häsýetde globallaşmagy üçin köp ugurly söwdsa ulgamynyň goldanmalydygyny, söwda hemaýatkärliginiň edilmelidigini nygtady.

Si Szinpin resmi Pekiniň ösüp barýan ýurtlawryň durnukly ösüş boýunça maksatlaryna ýetmegini goldamak üçin Hytaý-BMG-niň Parahatçylyk we Ösüş Gaznasy, Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyga Goldaw Gaznasy ýaly gaznalara goldaw berýändigini nygtap, Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyga Goldaw Gaznasyna 500 million dollar serişde berjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar