BRIKS-e agza ýurtlaryň liderler maslahaty öz işini dowam etdirýär

“ Halkara derejesinde başdan geçirilýän wakalar biziň goşandymyz bolmazdan çözülip bilinmez"

BRIKS-e agza ýurtlaryň liderler maslahaty öz işini dowam etdirýär

 

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Şiamyn şäherinde geçirilýän BRIKS-e agza ýurtlaryň liderler maslahaty öz işini dowam etdirýär.

Maslahata Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Sinping, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Günorta Afrikanyň Prezidenti Žakob Zuna, Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bilen Braziliýanyň Prezidenti Mişel Temer gatnaşýar.

Liderleriň telegek stoluň başyndaky maslahatynda söz sözlän Hytaýyň Döwlet başlygy Sinping halkara ykdysady we söwda gatnaşyklary hakynda durup geçdi.

Dünýäde başdan geçirilýän çylşyrymly wakalaryň BRIKS-e agza ýurtlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy has möhüm ýagdaýa getirýändigini aýdan Sinping şeýle diýdi: “ Halkara derejesinde başldan geçirilýän wakalar biziň goşandymyz bolmazdan çözülip bilinmez. BRIKS hökmünde halkara parahatçylygy we galkynyşy gyzyklandyrýan ugurlarda birlikde hereket etmelidiris. Ykdysadyýetiň globallaşmagyny ähli ýurtlar üçin açyk, giň gerimli, deňagramly we bähbitli ýagdaýa getirmelidiris. Açyk dünýä ykdysadyýetine we köp taraply söwda gatnaşyklaryna goldaw bermelidirs”.

Sinping Hytaýyň BRIKS-e agza ýurtlaryň arasynda ykdysady we tehnalogiýa taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin 500 million ýuan ýagny 76 million dollar we uzak möhletli işler üçin hem Täze Galkynyş bankyna 4 million dollar berjekdigini ýatlatdy.


Etiketkalar: maslahat , Hytaý , BRICS

Degişli Habarlar