Dynç almaga gelýän nemesleriň sany artdy

Habarda aprel aýyndan başlap Türkiýä gidýän syýahatçylaryň sanynyň barha artýandygy bellendi

Dynç almaga gelýän nemesleriň sany artdy

Nemes syýasatçylaryň Türkiýä garşy aýdýan erbet meýilli sözlerine garamazdan Türkiýä dynç almaga gelen nemes syýahatçylaryň sany soňky 13 ýylyň rekordyna ýetdi.

Şwesiýanyň ykdysadyýet bilen bagly iň köp satylýan gazedi iýul aýynda Türkiýä dynç almaga giden syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 46 göterim artyp, 5 million 80 müň adama ýetendigini mälim etdi.

Habarda aprel aýyndan başlap Türkiýä gidýän syýahatçylaryň sanynyň barha artýandygy bellendi.



Degişli Habarlar