“Moody’s” Türkiýäniň ösüş çaklamasyny ýokarlatdy

Halkara derejelendiriş guramasy Moody’s Türkiýäniň şu ýylky ösüş çaklamasyny 2,6 göterimden 3,7 göterime çenli ýokarlatdy

“Moody’s” Türkiýäniň ösüş çaklamasyny ýokarlatdy

Halkara derejelendiriş guramasynyň “Global Makro ykdysady görnüş” atly habarnamasynda Türkiýäniň ykdysadyýeti bilen baglanşykly: “Türkiýäniň ykdysadyýeti 2016-njy ýylyň soňky çärýegindäki ösüşini 2017-nji ýylyň ilkinji ýarymynda dowam etdirdi. Şonuň netijesinde Türkiýäniň ösüş çaklamamyzy 2,6 göterimden 3,7 göterime ýokarlatdyk. 2018-nji ýylda ykdysady ösüşiň takmynan 3,2 göterim derejesinde bolmagyna garaşýarys” diýip belledi.

Türkiýäniň ykdysadyýetiniň garaşylandan has köp ösmeginiň sebäbiniň bolsa Russiýadan we Ysraýyldan gelen syýahatçylaryň artmagy, salgytlaryň azaldylmagy we kreditleriň ýola goýulmagy we ÝB-ne edilýän eksportyň artmagydygy habar berildi.



Degişli Habarlar