Gazpromyň başlygy Miller Türk Akymy taslamasy bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Gazprom kärhanasynyň başlygy Alekseý Miller Türk akymy tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň deňiziň aşagyndan geçjek bölüminiň 220 km böleginiň geçirilendigini mälim etdi

Gazpromyň başlygy Miller Türk Akymy taslamasy bilen bagly beýanat berdi

Miller Türk Akymy taslamasy bilen baglanşykly Gazpromyň internet saýtynyň üsti bilen beren beýanatynda: “Taslamanyň deňiziň aşagyndan geçýän böleginiň 220 kilometri guruldy” diýdi.

Gazprom Türk Akymy taslamasynyň deňiziň aşagyndan geçýän böleginiň gurluşygyna 7-nji maýda başlapdy.

Türk Akymy taslamasy her biriniň kuwwatlylygy 15,75 milliard kub metr bolan 2 turbanyň gurluşygyny öz düzüminde jemleýär.

Turbalaryň birinjisiniň Türkiýä tebigy gaz ibermek üçin ulanylmagy we 2018-nji ýylda ulanylmaga başlanmagy meýilleşdirilýär.

Ýewropa tebigy gaz alyp gitjek 2-nji turbanyň bolsa 2019-njy ýylda ulanylmaga başlanjakdygy bellenýär.



Degişli Habarlar