Eksport iýul aýynda 28,3 göterim artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Gümrük we söwda ministrligi tarapyndan taýarlanan iýul aýy bilen baglanşykly hasabat mälim edildi

Eksport iýul aýynda 28,3 göterim artdy

Türkiýäniň eksporty iýul aýynda geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 28,3 göterim artyp 12 milliard 641 million dollara ýetdi. Import bolsa 46,2 göterim artyp 21 milliard 484 million dollara ýetdi.

Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Gümrük we söwda ministrligi tarapyndan taýarlanan iýul aýy bilen baglanşykly hasabat mälim edildi.

Şoňa laýyklykda eksport iýul aýynda geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 28,3 göterim artyp 12 milliard 641 million dollara ýetdi, daşary söwda ýetmezçiligi bolsa 4 milliard 845 million dollardan 82,5 göterim artyp 8 milliard 843 million dollara ýetdi.

Eksportyň importa bolan gatnaşygy bolsa geçen ýylyň iýul aýynda 67 göterim bolan bolsa, şol san şu ýyl 58,8 göterime çenli azaldy.

Şu ýylyň 7 aýynda Türkiýäniň eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 10,6 göterim artyp 90 milliard 61 million dollara, import bolsa 13,5 göterim artyp 129 milliard 807 million dollara çenli ýokarlady.

 



Degişli Habarlar