Iýul aýynda Türkiýä daşary ýurtly 5 million 75 müň 961 adam geldi

Iýul aýynda Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 835 müň 525 adam bilen Russiýa birinji orny eýeledi

796768
Iýul aýynda Türkiýä daşary ýurtly 5 million 75 müň 961 adam geldi

Iýul aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 46,36 göterim artyp 5 million 75 müň 961 adama ýetdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň internet saýtynyň wagtlaýyn görkezijilerine görä, iýul aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 2016-njy ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 46,36 göterim artyp 5 million  75 müň 961 adama ýetdi.

2017-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde bolsa Türkiýä daşary ýurtly 17 million 325 müň 410 adam geldi.

Iýul aýynda Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 835 müň 525 adam bilen Russiýa birinji orny eýeledi.

Russiýadan soň 680 müň 616 adam bilen Germaniýa ikinji, 277 müň 955 adam bilen Britaniýa üçünji orny eýeledi.

 

 


Etiketkalar: #iýul , #syýahatçy , #rus , #Russiýa , #sanaw , #orun

Degişli Habarlar