Türkiýäniň Russiýa edýän aýakgap eksporty 129 göterim artdy

Türkiýäniň aýakgap pudagynda esasy bazarlardan biri bolan Russiýa 7 aýda edilen eksport 129 göterim artdy

796020
Türkiýäniň Russiýa edýän aýakgap eksporty 129 göterim artdy

Egeý deri we deri önümleri eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, türk deri pudagy 2017-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde 858 million dollarlyk eksport etdi.

Deri pudagynyň eksportynyň 55 göterimini ýagny 470 million dollaryny aýakgap pudagy emele getirdi.

Russiýa Federassiýasyna aýakgap eksporty geçen ýylyň ady agzalýan döwürde 18 million dollara barabar bolan bolsa şol san üstümizdäki ýyl 129 göterim artyp 41 million dollara barabar boldy.

Şeýlelikde rus bazary aýakgap eksportunda Yrakdan soň ikinji ýeri eýeledi.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #aýakgap , #eksport , #rus , #bazar

Degişli Habarlar