Palestinada işsizlik derejesi artdy

Palestinada işsizlik derejesi 29 göterime çenli artdy

Palestinada işsizlik derejesi artdy

Palestinanyň Hasabat merkeziniň berýän habarnamasyna görä Günbatar Şeriada we Gazada ýylyň ikinji çärýeginde işsiz adamlaryň sany 396 400 adama ýetdi.

11 ýyl bäri Ysraýylyň gabawy astynda bolan Gazadaky işsizlik derejesiniň ýokarylygy ünsleri özüne çekdi.

Gazada işsizleriň sany umumy işsiz adamlaryň sanynyň 44 göterimine ýagny 216 900 deň gelýän bolsa, Günbatar Şeriada şol san 20,5 göterime deň. 

Palestinada işsizlik derejesi 2016-njy ýyla garanyňda artandygy mälim edildi.

 



Degişli Habarlar