Manisanyň meşhur sultaniýe üzümleri Ýewropa eksport edilmäge başlandy

Manisanyň meşhur sultaniýe üzümleri Ýewropa we Russiýa eksport edilmäge başlandy

787582
Manisanyň meşhur sultaniýe üzümleri Ýewropa eksport edilmäge başlandy

Türkiýäniň Ykdysadyýet minstrliginiň Günbatar Anadoly sebiti edarasynyň çäginde döredilen toparyň gözden geçirmeginden we alynan nusgalaryň derňelmeginden soň Alaşehir, Salihi we Sarygöl etraplarynda ýygnalan üzümler eksport edilmek üçin ýük ulaglaryna ýüklendi. 

50 ýük ulaglyk üzümler Ýewropa ýurtlaryna we Russiýa iberildi.

Egeý Gümrük we söwda edarasynyň wekili Nihat Kynyk önümleriň hili we logistiki taýdan ýylyň gowy geçjekdigine ynanýandyklaryny belläp bu möwsümde üzüm ýüklenen 10 müň ýük ulagyny Ýewropa we Russiýa ibermegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi.

 



Degişli Habarlar