DAIŞ Yrakdan takmynan 835 million dollara golaý pul ogurlady

Merkezi bank mesele bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berdi

DAIŞ Yrakdan takmynan 835 million dollara golaý pul ogurlady

Yragyň Merkezi banky terror guramasy DAIŞ-iň hökümete we hususy banklara degişli takmynan 835 million dollara golaý pul ogurlandygyny habar berdi.

Merkezi bank tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "DAIŞ hökümete we hususy banklara degişli takmynan 835 million dollara golaý pul ogurlady" diýilýär.

DAIŞ-iň banklardan ogurlan pulunyň 2014-nji ýylda hökümediň edaralaryna aýyryp goýan býujet bilen birlikde Içeri işler we Goranmak ministrliklerine, hususy kärhanalara we käbir raýatlara degişli bolandygy mälim edildi.

 



Degişli Habarlar