Türkiýe saglygy goraýyş syýahatçylygynda isleg bildirilýän 3-nji ýurt

Sebäbi, esasanda öýjügiň we ragyň bejergisinde dünýäniň iň başarjaň hirurglary Türkiýede

Türkiýe saglygy goraýyş syýahatçylygynda isleg bildirilýän 3-nji ýurt

Türkiýe 200-e golaý plastiki hirurgy bilen dünýäde 9-njy orny eýeleýar.

İň döwrebap tehnologik üpjünçilikli hassahanalar bilen birlikde 2000 müň saglygy saklaýyş edarasynyň 54 sanysy JCI “Joint Commission İnternatoinal” tarapyndan şahadatnamalandyrylan. Ol dünýä derejesinde akreditasiýa alan 58 ýurduň arasynda 21 göterimlik paýa deň gelýär.

Saglygy goraýyş syýahatçylygynyň üstünliginde ýokary hili hyzmat bilen birlikde tölegleriň amatly bolmagy hem esasy orny eýeleýär.

Ýüregi operasiýa etmek Türkiýede 8,5-21 müň dollar arasynda bolsa, Ýewropada 39-43 müň dollar aralysynda.

Saç ekdirmek Türkiýede 1,3 müň dollar aralygynda bolsa, Ýewropada 10 müň ýewro, ABŞ-da 30 müň dollara barabar.

Saglygy goraýyş syýahatçylygyndan alynjak girdejiniň 2017-2018-nji ýyllaryň araslygynda 9-10 milliard dolar, 2023-nji ýylda 20-25 milliard dollar bolmagy meýilleşdirilýär.

Geçen ýyl Türkiýä iň köp keselli awgust aýynda geldi. Şol aýda gelen 43,856 keselli doly bejergi alyp ýurtlaryna dolandylar.

Daşary ýurtly hassalar esasan Stambula, Ankara, Antalýa, İzmire we Mugla gelýärler.

 



Degişli Habarlar