Stambuldaky Atatürk howa menzili dünýäde 13-nji

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Atatürk howa menzili ýolagçy sany boýunça dünýäniň iň uly 13-nji howa menzili adyna eýe boldy

Stambuldaky Atatürk howa menzili dünýäde 13-nji

“Travelbook” syýahatçylyk žurnaly “Airport International Council” tarapyndan her ýyl çap edilýän “Howa menzilleriniň ýolagçy sanlaryny” çap etdi.

Şoňa görä Atatürk howa menzili geçen ýyl iň uly 20 howa menziliniň arasynda 13-nji oruna eýe boldy.

Dünýäniň iň uly howa menzilleri sanawynda ilkinji orunda 104 million ýolagçy bilen Jakson Atlanta Halkara howa menzili boldy.

Sanawda ABŞ-den 6, Hytaýdan bolsa 4 howa menzili bar.

Habara görä dünýä howa menzilleri geçen ýyl 1,4 milliard ýolagçy bilen 4,7 göterim ösüş etdi.



Degişli Habarlar