Täze bir ykdysady krizis bolarmy?

Kristin Lagard täze bir ykdysady krizisiň bolup biljekdigini nygtady

Täze bir ykdysady krizis bolarmy?

Halkara Pul gaznasynyň başlygy Kristin Lagard täze bir ykdysady krizisiň bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

Horwatiýanyň merkezi banky bilen Halkara Pul gaznasynyň bilelikde geçiren çärede çykyş eden Kristin Lagard: "Käbir sikller bar. Täze bir ykdysady krizis bolup biler" diýdi.

Ykdysady krizisleriň esasan hem garaşylmadyk ýagdaýlarda bolýandygyny aýdan Lagard: "Biziň wezipämiz maliýe ministrleriniň bular ýaly krizislere garşy taýarlykly saklamak. Maliýe pudagyny howplara garşy dowamly ýagdaýda ätiýaçda tutmak. Şeýle ýagdaýda bir krizise garşy duryp bileris" diýdi.

Bilişimiz ýaly 2000-nji ýyllarda başda nebit bolmak bilen ähli çig mallar we oba-hojalyk harytlarnyň bahalary gymmatlapdy.

Hytaý we Hindistan ýaly köp ilatly ýurtlardaky ykdysady ösüşler şol harytlara bolan talaby artdyrypdy, bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp bolupdy.

2008-nji ýylda bolsa azyk, altyn we nebitiň bahasy taryhyň iň ýokary derejesine ýetipdi, ABŞ-nyň milli walýutasy dollary gymmady ähli beýleki walýutalara garanyňda gymmady peselipdi.

 



Degişli Habarlar