Stambulda “Dewhurst” baýrak gowşurlyş dabarasy geçirildi

Dabara gatnaşan Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak Türkiýäniň parahatçylyga, abadançylyga we energiýa üpjünçiligine goşant goşjak ähli taslamalara goldawyny dowam etdirjekdigini atýdy

Stambulda “Dewhurst” baýrak gowşurlyş dabarasy geçirildi

Ministr Albaýrak mundan 9 aý ozal geçirilen 23-nji Bütindünýä energetika maslahatyndan soň geçirilýän Bütindünýä nebit maslahatynyň “nebit we tebigy gaz senagatynyň omipiadasy” hökmünde häsýetlendirilýändigini aýtdy.

Bu maslahatda nebit we tebigy gaz senagaty bilen bagly köp sanly meseläni we geljekdäki şertleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik tapjakdyklaryny beýan eden Albaýrak, soňky ýyllarda nebit we tebigy gaz senagatyna goýulýan maýa goýumlarynyň azalandygyna garamazdan geljekki ýyllarda şol senagatyň ähmiýetiniň artjakdygyny aýtdy.

Türkiýäniň energetika pudagy we maýa goýumlary barada möhüm maglumatlar beren Albaýrak, energetika pudagynda islegiň çaptlyk bilen artýandygyny we soňky 15 ýylda elektrik energiýasyndaky önümçilik güýjüniň üç esse artandygyny gürrüň berdi.

Albaýrak şol döwürde ortaça 5 göterimlik ykdysady ösüşiň edilendigini we Türkiýäniň ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza ýurtlaryň hartarynda lider döwlete öwrülendigini beýan etdi.

Şol depginli ösüşde üpjünçilik howpsyzlygynyň ýola goýulmagy we durnukly bazar üçin maýa goýum şertleriniň döredilendigini nygtan Albaýrak, sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Türkiýe esaanda nebit we tebigy gaz gözleg işlerini, maýa goýumlaryny artdyrmagy nazarda tutýar. Ortaýer deňizinde we Gara deňizde nebit hem-de tebigy gaz gözleg işleriniň depginini ýokarlandyrdyk. Häzirki wagtda Ortaýer deňzinde seismiki barlag işlerini geçirmek üçin iş alyp barýarys. Olar tamamlanandan soň gözleg we burawlaýyş işlerini geçireris. Şeýlelikde üpjünçilik howpsyzlygyna goşant goşarys” diýdi.



Degişli Habarlar