Erdogan bilen Putin Gamburgda iki ýurduň arasyndaky energetika taslamalary hakynda pikir alyşar

Erdogan bilen Putin Türk Akymy tebigy gaz geçirijisi we Akguýu ýadro desgasy hakynda pikir alyşar

Erdogan bilen Putin Gamburgda iki ýurduň arasyndaky energetika taslamalary hakynda pikir alyşar

Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçiriljek G-20 maslahatynyň çäginde özara duşuşyk geçirjek Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türk Akymy tebigy gaz geçirijisi we Akguýu ýadro desgasy hakynda pikir alyşar.

Kremleriň daşary syýasat boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere beren beýanatynda  Erdogan bilen Putiniň G-20-niň 12-nji maslahatynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky energetika taslamalary hakynda pikir alyşjakdygyny nygtady.

Gurluşygy dowam edýän Türk Akymy tebigy gaz geçirijisi we Akguýu ýadro desgasy taslamasynda ýetilen soňky sepgidiň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny nygtan Uşakow, “İki taslama boýunça soňky döwürde özgerlişik edildi” diýdi.

Türkiýäniň ilkinji ýadro güýç desgasy boljak Akguýu ýadro desgasynyň gurulmagy meselesinde 2010-njy ýylda Russiýa bilen şertnama baglaşylypdy.

Akguruda guruljak desga 4 müň 800 megawot güýje eýe bolar.

Gymmaty 20 milliard dollara barabar boljak desganyň 2023-nji ýylda hyzmada açylmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar