Ýylyň ikinji alty aýynda aýlyklar bäş göterim ýokary galdyryldy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym döwlet edaralarynda işleýän işgärleriň aýlyklaryna 2017-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 7,5 göterim, ikinji 6 aýynda bolsa 5 göterim ýokary galdyrylandygyny mälim etdi

Ýylyň ikinji alty aýynda aýlyklar bäş göterim ýokary galdyryldy

Binali Ýyldyrym Çankaýa köşgünde geçirilen dabarada takmynan 200 müň döwlet işgärini gyzyklandyrýan köpçülikleýin şertnama gol çekdi.

Premýer ministr Ýyldyrym işgärleriň islegleriniň maksimal ýagdaýda kanagatlandyrylandygyny belledi.

Döwlet işgärleriniň we ýönekeý işgärleriň iň az aýlyklarynyň deňleşendigini aýdan Binali Ýyldyrym: “Şonuň bilen baglylykda goşmaça töleg bir gezekligine bolmak bilen 500 liradan 750 lira ýokarladyldy, 50 göterimden gowrak artyş boldy. Mundan başgada aýlyklaryny 3 müň liradan az alan işgärlerimize goşmaça 90 lira beriler” diýdi.



Degişli Habarlar