ABŞ Taýwana 1,3 milliard dollarlyk ýarag satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Taýwana 1,3 milliard dollarlyk ýaragyň satylmagy hakyndaky karary tassyklady

ABŞ Taýwana 1,3 milliard dollarlyk ýarag satar

Amerikaly ýokary derejeli ýolbaşçy Döwlet sekretarlygynyň Taýwanyň hökümetine ýaragyň satylmagy hakyndaky karary tassyklandygyny mälim etdi.

Amerikan hökümetiniň Taýwanyň howpsyzlygyna uly ähmiýet berýändigi bellenildi we Taýwana ýaragyň satylmagy hakyndaky kararyň sebitiň durnuklylygyna we howpsyzlygyna goşant goşjakdygy ýatladyldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ozal Taýwanyň liderine telefon etmegi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyga sebäp bolupdy.

Agy agzalýan satuwyň bolsa iki ýurduň arasyndaky ýagdaýy has-da dartgynlaşdyryp biljekdigi nygtalýar.

 


Etiketkalar: satuw , ýarag , ABŞ , Taýwan

Degişli Habarlar