Türkiýäniň eksporty 12,5 göterim artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Gümrük we söwda ministrligi tarapyndan maý aýynyň eksport görkezijileri beýan edildi

Türkiýäniň eksporty 12,5 göterim artdy

Eksport maý aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 12,5 göterim artyp 13 milliard 616 million dollara barabar boldy.

Ady agzalýan döwürde import bolsa 21,7 göterip artyp 20 milliard 923 million dollara barabar boldy.

Üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe Türkiýäniň eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 9,5 göterim artyp 64 milliard 313 million dollara, importy bolsa 11,2 göterim artyp 89 milliard 146 million dollara barabar boldy.

 

 



Degişli Habarlar