Amerika hytaýlylara gadagançylyk goýdy

ABŞ Hytaýyň iki raýatyna we firmasyna sanksiýa goýmak barada karar kabul etdi

Amerika hytaýlylara gadagançylyk goýdy

ABŞ-nyň Gazna ministrligi Demirgazyk Koreýanyň ýadry ýarag öndürmegine goldaw berýändigi sebäpli Hytaýyň iki raýatyna we 2 sany firmasyna çäklendirme goýmak barada kabul etdi.

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannamada sanksiýa kararlarynyň Demirgazyk Koreýanyň köpçülikleýin gyryş ýaragyny öndürmek ugrunda alyp barýan işleri bilen BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň düzgünlerini bozandygy sebäpli kabul edilendigi nygtalýar.

ABŞ-nyň gara sanawyna goşulan 4 adam bilen guramanyň hatarynda Hytaýyň “Dandong Bank” atly banky bolmagy ünsleri çekýär.

Beýannamada adybir bankyň Demirgazyk Koreýanyň dowam edýän sanksiýalara garamazdan halkara bazarlaryna çykmagyna araçy bolandygy nygtalýar.

Resmi Phenýanyň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny öndürmek üçin millionlarça dollaryň geçirilmegine şert döreden bankyň pul aklamaýyş işlerine goşulandygy öňe sürülýär.

Gazna ministrligi sanksiýa kararyna laýyklykda Hytaýyň bankynyň Amerikanyň maliýe ulgamyna elýeterliligini ortadan aýyrdy.

Ministrlik tarapyndan sanksiýa sanawyna goşulan raýatlaryň we firmalaryň ABŞ-daky emläkleri saklanýar, we amerikalylaryň gara sanawdakylar bilen söwda gatnaşygyny etmegi gadagan edilýär.

 



Degişli Habarlar