Türkiýe ýylyň ilkinji çärýeginde 5 göterim ösdi

Türkiýäniň ykdysadyýeti 2017-nji ýylyň ilkinji çärýeginde 5 göterim ösüş etdi

Türkiýe ýylyň ilkinji çärýeginde 5 göterim ösdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy ýylyň ilkinji çärýegi bilen baglanşykly hasabat berdi.

Şoňa laýyklykda ýurdyň ykdysadyýeti şu ýylyň ilkinji çärýeginde geçen ýylyň ilkinji çärýegine garanyňda 5 göterim ösüş etdi.

Önümçilik ýoly bilen jemi içerki önüm şol döwürde häzirki bahalar bilen 14,3 göterim ösüş edip, 641 milliard 584 million lira hökmünde kesgitlendi.

Anadoly habarlar agentliginiň Maliýe bölüminiň Ösüş sowalnamasyna gatnaşan ykdysadyýetçiler ýylyň ilkinji çärýeginde ýurdyň ykdysadyýetiniň 3,8 göterim ösjekdigini çak edýärdiler.

Türkiýäniň ykdysadyýeti geçen ýylyň ilkinji çärýeginde 4,5 göterim, ýyllyk bolsa 2,9 göterim ösüş edipdi. Geçen ýylyň soňky çärýeginde bolsa ösüş 3,5 göterim bolupdy.



Degişli Habarlar