Katar OPEC-e agza ýurtlaryň kararyna ygrarlylygyny dowam etdirýär

OPEC-e agza bolan Katar degişli kararyň çäginde nebit önümçiligini her gün 30 müň barrel azaldar

Katar OPEC-e agza ýurtlaryň kararyna ygrarlylygyny dowam etdirýär

Kataryň Energetika we senagat ministri Muhammed Bin Sali es-Sade Nebit eksport edýän ýurtlaryň (OPEC) nebit önümçiligini azaltma kararyna ygrarlydyklaryny habar berdi.

Sade ýazmaça beren beýanatynda Katar bilen käbir Arap ýurtlaryň arasynda bolup geçýän diplomatik krizisiň Katary nebit önümçiligini azaltmak kararyndan ýüz öwürtdirmejekdigini mälim etdi.

OPEC-e agza bolan Katar degişli kararyň çäginde nebit önümçiligini her gün 30 müň barrel azaldar.

OPEC maý aýynda çig nebit önümçiligini azaltmak bardaky karary 2017-nji ýylyň iýul aýyndan 2018-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli ýene-de 9 aý uzaltmak barada karar kabul edipdi.


Etiketkalar: önümçilik , nebit , Katar , OPEC

Degişli Habarlar