ASELPOD nyşana alma ulgamy üçin ikinji tabşyryk alyndy

Pakistandan gelen tabşyryk takmynan 25 million dollar

ASELPOD nyşana alma ulgamy üçin ikinji tabşyryk alyndy

Harby elektron ulgamy (ASELSAN) tarapyndan öndürilýän we harby uçarlara takyk od açmagy üpjün edýän ASELPOD nyşana alma ulgamy üçin ikinji tabşyryk Pakistandan alyndy.

Türkiýäniň Harby howa güýçleri tarapyndan oýlanyp tapylan ASELPOD nyşana alma ulgamy gije, gündiz we dürli howa şertlerinde takyk od açmak mümkinçiligini döredýär.

Pakistandan gelen tabşyryk takmynan 25 million dollar.

Ulgam alan suratyny uçarmanyň öňündäki ekrana iberýär.

Nyşana kamera bilen gözegçilik edilip durka, lazer bilen bellige alynýar.

Bellige alynan nyşana presizion ok-däriler bilen od açyp bolýar.


Etiketkalar: takyk , ulgam , ekran , Pakistan , ASELSAN , ASELPOD

Degişli Habarlar