Türkiýe bal önümçiligi boýunça dünýäde ikinji orunda...

Bütin dünýä ary bal önümçiliginiň 1/3 bölegi Hytaýa degişli

Türkiýe bal önümçiligi boýunça dünýäde ikinji orunda...

Türkiýäniň Oba-hojalyk palatalary birleşiginiň başlygy Şemsi Baýraktar Bütindünýä Ary güni mynasybetli eden çykyşynda aryjylyk pudagynyň Türkiýäniň iň uly pudaklarynyň biri ýagdaýyna gelendigini belläp: “Türkiýeden 84 müňden gowrak kärhana, 7,9 milliondan gowrak uleýde 105 müň 727 tonna ary bal öndürýär” diýdi.

Baýraktar 1,5 milliondan gowrak bütin dünýä ary bal önümçiliginiň 30,6 göteriminiň Hytaýa degişlidigini, Türkiýäniň Hytaýdan soň dünýä ary bal önümçiliginiň 6,85 göterimini öndürip 2-nji orundadygyny, Türkiýeden soň 5,35 göterim bilen ABŞ-nyň gelýändigini, 5,03 göterim bilen Eýran we 4,96 göterim bilen Russiýanyň gelýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar